Iň täze habarlar

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

15.05.2024 | 16:01 |
 «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

15-nji maýda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserlerinden ugur alyp, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek we olaryň ruhy-ahlak medeniýetini kemala getirmek ýaly meselelerine bagyşlanan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalan çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, agentliginiň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri hem-de Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

«Türkmen halkynyň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň Watana, onuň abadan, parahat durmuşyna, mukaddes topragyna bagyşlanan öwüt-ündew häsiýetli setirleri ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar» diýip, çykyş edenler bellediler.

Şeýle hem, wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda sagdyn ruhly, sagdyn bedenli ýaşlary terbiýelemekde, ynsan saglygyna zyýan berýän zyýanly endiklere garşy göreşmekde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Çilim çekmegil», «Munda çilimkeş», «Neşekeş», «Çilimkeş», «Naskeş», «Nas atan» ýaly goşgularynyň uly ähmiýetiniň bardygy bellenip geçildi.

ORIENT news

Foto: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: