Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi
15.05.2024 | 09:34 |13-nji maýda, Duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi. BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Y-354” kysymly tehniki uglerody satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Owganystanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” hem-de “Türkmennebit” döwlet korsernleri bilen “B” kysymly karbamidi we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Gyrgyzystanyň işewürleri türkmen kompaniýalaryndan aşgarlanmadyk biz matany satyn aldylar.
Türkmen telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 5 000 000 manada we ABŞ-nyň 9 083 756 dollaryna deň bolan alty geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bolar.
ORIENT news