Türkmenistanyň telekeçileri we işewür adamlary 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyna gatnaşýar
14.05.2024 | 23:30 |Şu gün, 2024-nji ýylyň maý aýynyň 14-ne - ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy (USAID) 13-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumyny (CATF) açdy. Şu ýylky “Söwda baglanyşyklary: Global köprüler” atly forumy 14-nji we 15-nji maýynda Gazagystanyň Almaty şäherindäki «Rixos Hotel» atly myhmanhanasynda geçirilýär. Merkezi Aziýa Söwda Forumy - bu aragatnaşygy, telekeçiligi we söwda syýasatyny ösdürýän sebitdäki esasy söwda wakalaryň biridir.
Merkezi Aziýa Söwda Forumy - bu aragatnaşygy, telekeçiligi we söwda syýasatyny ösdürýän sebitdäki esasy söwda wakalaryň biridir. 32 million dollardan gowrak möçberdäki şertnamalaryň baglaşylmagyna ýardam berdi we Merkezi we Günorta Aziýanyň, Europeewropanyň we ABŞ-nyň 25 ýurdundan 10000-den gowrak hökümet we işewür ýolbaşçylary kabul etdi.
Bu ýyl CATF gatnaşyjylar öz mümkinçiliklerini kesgitläp, we sebit söwdasynyň gerimini giňeldip biler ýaly, täze söwda mümkinçilikleri we daşary ýurt bazarlaryny açmagy maksat edinýär. Forumda gümrük ulgamyny sanlaşdyrmak, ulag we logistika, söwdany kadalaşdyrmak (sebit söwda şertnamalaryny goşmak bilen), Bütindünýä Söwda Guramasynyň ülňüleri we sazlaşyk boýunça okuwlar geçiriler.
“Forumyň üstünligi syýasatçylaryň, öňdebaryjy telekeçileriň we söwda pudagyndaky hünärmenleriň her ýyl gatnaşmagy bilen gazalynýar. Forumda baglaşylan şertnamalar işewürligi giňeltmäge, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdany güýçlendirmäge we sebitdäki we beýleki ýurtlarda ykdysady ösüşinee goşant goşýar "-diýip USAID-iň Merkezi Aziýa sebit boýunça wekilhanasynyň müdiri Luis Rivera belläp geçdi.
USAID-iň Merkezi Aziýa sebit wekilhanasynyň müdiri Luis Rivera sizi sebitdäki söwda we aragatnaşygy ösdürýän iň möhüm wakalaryň biri bolan 13-nji ýyllyk Merkezi Aziýa söwda forumyna gatnaşmaga çagyrýar
Esasy çykyş edýän myhmanlaryň arasynda Waşingtonyň, Kolumbiýa okrugyndan gelip forumda çykyş eden USAID-yň dolandyryjysynyň kömekçisiniň uly orunbasary Zeýna Salahi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Söwda ministrlikleriniň, Halkara Maliýe Korporasiýasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, QazTrade, Trans-Hazar halkara ulag ýollarynyň birleşmesiniň we Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag koridorynyň (TRACECA) wekilleri bar.
Has köp maýadarlary we telekeçileri çekmek üçin CATF bilen bir wagtda şu aşakdakylar ýerine ýetirilýär:
• Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistandan 40 kompaniýanyň gatnaşmagynda söwda sergisi, halkara alyjylar üçin oba hojalygy, dokma, tikin we azyk önümlerini hödürleýär. Söwda sergisi Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligi we Almaty söwda we maýa goýum palatasy bilen hyzmatdaşlykda geçirilýär.
• Merkezi Aziýada söwda mümkinçiliklerini öwrenýän 40 sany pakistanly zenan telekeçiniň gatnaşmagynda aýal-gyzlar bilen işleýän kärhanalar üçin Pakistan-Gazagystan söwda mümkinçilikleri forumy. Forum USAID-yň Pakistanyň sebitleýin ykdysady integrasiýa maksatnamasy (PREIA) tarapyndan guraldy.
• Milli söwdany ösdüriş komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagy, ol gümrük, ulag, fitosanitar sertifikatlaşdyryş we weterinariýa serhedine gözegçilik etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň işewür ýolbaşçylaryny we işgärlerini birleşdirýär. «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly taslamasynyň goldawy bilen gurnalan we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) tarapyndan amala aşyrylan bu duşuşykda söwda proseslerini sanlylaşdyrmak üçin ýol kartalary we sebitde söwda amallaryny optimizirlemek üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.
CATF-yň esasy hemaýatkärleri USAID-yň Merkezi Aziýa söwda taslamasy, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky we GIZ bolup, metbugat hyzmatdaşlary bolsa “Astana Times”, “Exclusive.kz”, “Profit.kz”, “Kapital.kz” we “Orient Media Türkmen habarlar gullugy”. Foruma gatnaşmak üçin www.catradeforum.org web-sahypasyna geçiň.
Merkezi Aziýa ýurtlary soňky iki onýyllykda möhüm ösüş gazandylar we ajaýyp ösüş mümkinçiliklerine eýe boldylar. Soňky 20 ýylda sebitiň jemi içerki önümi (JIÖ) 347 milliard ABŞ dollaryna ýetip, her ýylda ortaça 6.2 göterim ýokarlandy. 2000-nji ýyldan bäri daşary söwda ýedi esse artdy. 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy importy we eksporty takmynan 190 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Foruma Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri hem gatnaşýar. Olar:
• “Hilli Gaplama” Hojalyk jemgyýeti;
• “Hasar” - maşgala konditer kompaniýasy;
• “Ýigit” Hojalyk jemgyýeti;
• “Tibet Türkmen” Hojalyk jemgyýeti; we
• “Owadan Ülke” Hojalyk jemgyýeti.
Forum Merkezi Aziýadaky söwdany düzgünleşdirmegiň kynçylyklaryna bagyşlanan Plenar mejlisi bilen başlandy. Bu çäre B2B duşuşyklary üçin platforma bolup, işewürlere aragatnaşyk gurmak we potensial hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem sergide Merkezi Aziýa kompaniýalarynyň önümleriny we hyzmatlaryny görkezmek üçin mümkinçilik döredýär.
Bu çäre işewür ýolbaşçylary, hökümet işgärlerini, söwda hünärmenlerini we ösüş hünärmenlerini ýaly dürli gatnaşyjylary özüne çeker diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, ol täze aragatnaşyklary gurmaga, täze söwda mümkinçilikleri bilen tanyşmaga we Merkezi Aziýada ösýän söwda landşaftyna düşünmäge mümkinçilikleri döredýär.
Has giňişleýin maglumat almak üçin aşakdaky web-sahypalaryna geçip bilersiňiz:
• CATF resmi web sahypasy: https://catradeforum.org/
• Forumyň gün tertibi: https://catradeforum.org/#agenda.
• Çykyş edijiler: https://catradeforum.org/sessions/speakers/
• Sergiň platformasy: https://catradeforum.org/exhibition-space/
HABARLAŞMAK ÜÇIN:
Asel Çoýbekowa, USAID-iň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň aragatnaşyk müdiri
Telefon: +7 701 756 33 67, Assel_Choibekova@dai.com