Jemgyýet
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn eder
26.10.2024
|21:05
|352
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistana sapar bilen gurady. Bu saparyň esasy maksady, Özbegistanyň Merkezi saýlaw toprynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýewiň çakylygy boýunça, ertir, 27-nji oktýabrda Özbegistanyň Oliý Majlisine geçiriljek saýlawlara syn etmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy zähmet rugsadyna çykar
26.10.2024
|03:55
|303
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykar. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Dostluk poeziýasy: Magtymguly Pyragynyň mirasy Belarusyň öňdebaryjy tehnologiýa uniwersitetinde bellendi
26.10.2024
|02:10
|334
Belarusiýanyň Informatika we radioelektronika uniwersitetinde görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistan we Meksika syýasy geňeşmeleri mehanizmini işe girizýärler: Aşgabat özüne çagyrdy
25.10.2024
|23:10
|365
24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Çärä iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Medeni we ykdysady taýdan ýakynlaşma: Gazagystan we Türkmenistan bilelikde abadançylyga tarap
25.10.2024
|20:51
|393
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28% ýokarlandy we ýarym milliard dollardan geçdi. Oňyn ösüş şu ýyl saklanýar diýip, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi Nurlan Nogaýew 25-nji oktýabrda Gazagystanda bellenilýän milli baýramçylyk – Respublikan güni bilen mynasybetli anna güni Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap eden makalasynda belläp geçdi
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Türkmenistanda geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk görülýär
25.10.2024
|18:30
|309
22-23-nji oktýabr aralygynda Astanada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň simfoniki orkestri Rejep Rejepowyň ajaýyp eserlerini ýerine ýetirer
25.10.2024
|16:30
|485
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde tanymal kompozitor Rejep Rejepowyň döredijiligine bagyşlanan konsert geçiriler. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri milli kinematografiýanyň saz nyşanlaryna öwrülen eserleri ýerine ýetirer.
Polşadaky radiostansiýa žurnalistleriň ýerini Emeli aň bilen çalyşdy
25.10.2024
|11:08
|432
Polşanyň Krakow şäherindäki OFF Radio Internet-radiostansiýasy janly alyp baryjylaryň ýerini Emeli aň tarapyndan döredilen häsiýetler bilen çalyşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10.2024
|09:00
|245
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10.2024
|06:15
|282
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar beryär