Polşadaky radiostansiýa žurnalistleriň ýerini Emeli aň bilen çalyşdy
25.10.2024 | 11:08 |Polşanyň Krakow şäherindäki OFF Radio Internet-radiostansiýasy janly alyp baryjylaryň ýerini Emeli aň tarapyndan döredilen häsiýetler bilen çalyşdy.
Bu başlangyç Polşadaky žurnalistleriň wirtual häsiýetler bilen çalşylan ilkinji synagy boldy.
22-nji oktýabrdan başlap Off Radio Kraków ýaýlymy emeli aň tarapyndan döredilen häsiýetler alyp barýar: 20 ýaşly Emi (Emili adyndan gysgaldylan), 22 ýaşly Kuba (Ýakub) we 23 ýaşly Aleks. Olaryň her biriniň öz taryhy we aýratynlyklary bar. Emi žurnalistika fakultetinde okaýar, Kuba ses tehnikasyny öwrenýär, Aleks bolsa ýokary bilimli psiholog. Ozal ondan gowrak işgärlerden ybarat bolan topar tarapyndan döredilen gepleşikleri indi bu häsiýetler alyp barar.
Radiostansiýa bu üç häsiýetiň medeni, çeperçilik we durmuş meseleleri barada aýdyp bermek bilen, has ýaş diňleýji toparyna gönükdirilendigini bellediler.
Radiostansiýanyň saýtynda Off Radio Kraków ýaýlymynyň täze görnüşiniň barlag we media-synagy bolup, emeli aňyň ösüşi medeniýete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, žurnalistika we jemgyýete nähili derejede täsir edip biljek diýen soraga jogap berjekdigi barada habar berdiler.
“Emeli aň – bu köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, radio we žurnalistika üçin mümkinçilikmi ýa-da howpmy? Biz bu soragyň jogabyny tapjak bolarys” – diýip, radiostansiýanyň ýolbaşçysy Marsin Pulit belledi.
ORIENT news