BAE-niň Dragon Oil kompaniýasy 26-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) atly Halkara maslahatynda gymmatly hyzmatdaş hökmünde çykyş eder.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow “Işewür Hazar” atly hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň işewür hyzmatdaşlygynyň Halkara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Duşuşyk çarşenbe güni “Skolkowo” tehnoparkynda 5-6-njy oktýabrda Moskwada geçirilen II Hazar ykdysady forumynyň maksatnamasynyň çäklerinde bolup geçdi.
“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.
Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň we onuň ýaranlarynyň nebitiň çykarylmagyny günde 1 million barrele çenli azaltmagy meýilleşdirýändigi baradaky habardan soň çig nebitiň bahasy birden ýokarlandy. Bu barada Investing.com maliýe platformasy habar berýär.
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ýörite gümrük düzgüninde ýük saklamak üçin ygtyýarnama aldy. Bu hyzmat portuň çäginde dürli ýükleri we harytlary, hasaba almazdan we gümrük paçlaryny töletmezden, 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär.
Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif ýurduň ýurduň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň taslamasynyň öz wagtynda tamamlanmagyna ygrarlydygyny aýtdy.
"Türkmengaz" döwlet konserni suwuklandyrylan gazyň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn alar. Bu karara anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi diýip, TDH ýazýar.
Türkmenistanda dürli görnüşli plastik kartoçkalaryň öümçiligi ýola goýlup biliner. Bu ýokary tehnologiýaly maglumat göterijileriň ulanyş gerimi örän giň we ösmegini dowam etdirýär, isleg bolsa – teklip döreýär, hut şu teklibi wise-premýeriň orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni geçirilen hökümet ýygnagynda beýan etdi.
TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow TOPH taslamasynyň dolandyryş komitetiniň ýygnagynyň ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljekdigini habar berdi – diýip, Pajhwok habarlar agentligi habar berýär.