Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyyna Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň Gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.
Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň welaýatlarynyň dördüsiniň dolandyryş merkezlerinde awtobus menzilleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hökümet ýaş maşgalalara öýlerini we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, hojalyk harytlaryny we ş.m. satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň möçberini artdyrdy.
Anna güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1530 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 315-siniň Türkmenistanda ýaşamagyna ygtyýar berýän karara gol çekdi.
Türkmenistanyň 829 raýaty we ýurduň çäginde jenaýata çekilip, iş kesilen 4 daşary ýurt raýatlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň günä geçmek hakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparynyň (LLDC) ministrleriniň her ýylky duşuşygy geçirildi.
Android we iOS platformasynda telefonlar üçin Çapar goşundysy islendik adama gündelik durmuşynda gerek bolup biljek köp sanly peýdaly hyzmatlara eýedir.
Türkmenistanyň welaýat merkezleriniň ikisinde – Balkanabatda we Türkmenabatda nobatdaky jaý toýlary tutuldy. Bu gezek ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine gowşuryldy.
Gurluşykçyny lukmandan, ýangyn söndürijini aşpezden, satyjyny nebitçiden nädip tapawutlandyrmaly? Elbetde, ýörite iş eşigi boýunça! Dürli hünärler üçin ýokary hilli ýörite iş eşiklerini öndürýän we ilkinji gezek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşan “Tarlan” türkmen kompaniýasynyň önümleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Aşgabatda Toyota kysymly täze taksileriň 150-si hereket edip başlady. Ýaponiýanyň öndürijisinden nobatdaky tapgyrda Türkmenistana gelip gowşan ýaşyl “şaşkajykly” ak awtoulaglar şäher ýollaryna çykyp, aýratyn-da adamlaryň ýola has köp çykýan wagtynda hem-de gür ilatly ýerlerde ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmat ediş ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltdiler.