Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ugurly halkara sergi we ylmy maslahaty geçiriler
11.09.2025 | 20:23 |10-12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatynyň geçirilýändigi habar berilýär.
Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri bolup, onuň işi 20 bölümçede geçirilýär.
Halkara maslahatyň tematiki ugurlary:
I bölüm. Iç keseller
II bölüm. Kardiologiýa we kardiohirurgiýa
III bölüm. Onkologiýa
IV bölüm. Oftalmologiýa
V bölüm. Ýokanç keseller
VI bölüm. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak
VII bölüm. Hirurgiýa
VIII bölüm. Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa
IX bölüm. Sanly lukmançylyk
X bölüm. Genom lukmançylygy
XI bölüm. Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologo-fiziologiki meseleleri we pulmonologiýanyň we allergologiýanyň esasy soraglar.
XII bölüm. Sport lukmançylygynyň esasy meseleleri.
XIII bölüm. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar
XIV bölüm. Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir
XV bölüm. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir
XVI bölüm. Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.
XVII bölüm. Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar.
XVIII bölüm. Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamagyň ugurlary.
XIX bölüm. Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek.
XX bölüm. Tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar.
Halkara ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler üçin maslahata gatnaşmagyň ŞERTLERI şu salgyda!
Habarlaşmak üçin:
1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Tel: (+99312) 40-04-51; 40-04-11, 48-92-94, faks: 40-04-53, 40-04-66
E-poçta: info@saglykhm.gov.tm
resminamamz@sanly.tm
2. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Tel: (+99312) 44-84-09; 36-17-34
E-poçta: nie.turkmenistan @ gmail .com
met.int.department@gmail.com
3. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti
Tel: (+99312) 39-98-37
E-poçta: turkmensport@sanly.tm
4. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy
Tel: (+99312) 94-14-52
E-poçta: rustamtme@gmail.сom
Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 10-njy iýun çenli ibermegi haýyş edilýär.
ORIENT