Iň täze habarlar

Pekinde Serdar Berdimuhamedow Si Szinpin bilen duşuşdy

02.09.2025 | 23:35 |
 Pekinde Serdar Berdimuhamedow Si Szinpin bilen duşuşdy

2-nji sentýabrda Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady.

Söhbetdeşligiň başynda HHR-iň Baştutany çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady şeýle hem pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistnyň Baştutany hem öz gezeginde ŞHG-niň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi we Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen HHR-iň ýolbaşçylygyny gutlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň ýolbaşçylarynyň her bir duşuşygynyň özara hyzmatdaşlykda möhüm tapgyr bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.

Bellenilişi ýaly, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Hytaýyň çemeleşmeleri ýakyn ýa-da gabat gelýär. Olar Merkezi Aziýada we Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde berk parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge ymtylyş şol çemeleşmeleriň esasyny düzýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna berýän goldawyna minnetdarlyk bildirdi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly taryhy Kararnamany kabul etmeginde HHR-iň möhüm ornuna ünsi çekdi. Si Szinpin öz gezeginde, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, ýurduň bu halkara parahatçylyk döredijilikli daşary syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy HHR-iň Başlygynyň ŞHG-niň sammitinde beýan eden Ählumumy dolandyryş başlangyjyny goldaýandygyny we onuň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar babatdaky garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysady ugurda, esasanam gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow iri “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça geçirilen halkara bäsleşikde hytaý tarapynyň ýeňiji bolandygyny aýtdy we Si Szinpini bu waka bilen gutlady.

02092025-prezident-turkmenistana-vstrecha-si-tszinpin (2).jpg

Şeýle hem ulag-logistika pudagyndaky möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen mazmuny boýunça gabat gelip, biri-biriniň üstüni ýetirýär we Ýewraziýa yklymynda bitewi geoykdysady giňişligi döretmäge gönükdirilendir.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgama uly ähmiýet berilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim almagyna döredilýän amatly şertler üçin minnetdarlyk bildirdi we bu ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Taraplar şeýle hem ylmy hyzmatdaşlygyň, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, şol sanda ýokary tehnologiýalar şeýle hem rlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň ähmiýetini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow HHr-iň Başlyk Si Szinpini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça soň taraplar intellektual eýeçilik, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe bilelikdäki resminamalara gol çekdiler.

ORIENT

Foto: news.cn

Şeýle hem okaň: