Aşgabatdaky «Latino-konsertinde» üç yklymyň ritmleri ýaňlanar
Aşgabatda maý aýy adatça ýylyň iň «sazly» aýy diýilýän ady eýelemek ugrunda bäsleşýär. Konsert möwsümi iň gyzgalaňly nokadyna ýetýär: teatrlaryň her biri täze sahna eserleri bilen begendirýär, ýerine ýetiriji sazandalar bolsa žanrlar bilen tejribe geçirip, konsert meýdançalaryny özboluşly ses barlaghanalaryna öwürýärler