Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
08.09.2025 | 09:35 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Prezident Luis Inasiu Lula da Silwa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Braziliýanyň Garaşsyzlyk güni her ýyl 7-nji sentýabrda bellenilýär. 1822-nji ýylyň şol gününde ýurt Portugaliýadan garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu bolsa brazil döwletiniň döreýiş taryhynda esasy faktor boldy.
Türkmenistan we Braziliýa dostlukly diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklaryny saklap gelýärler. Olaryň çäginde soňky döwürde energetika, ulag, syýahatçylyk we medeniýet babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
ORIENT