Deňiz kenarynda mylaýym möwsüm: Awaza biletlerini e.gov.tm arkaly onlaýn satyn alyp bolýar
11.09.2025 | 17:18 |Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda mahmal möwsümi dowam edýär — deňiz kenarynda dynç almak üçin iň amatly döwür. Şu günler myhmanlary arassa howa, ýyly deňiz şemaly we güýzüň hoşboý ysy garşy alýar.
Awazada dynç almak üçin öňünden öýden çykman onlaýn biletleri satyn almak ýeterlikdir. Muny döwlet hyzmatlary portaly e.gov.tm arkaly edip bolýar. Bu ýerde halkara awtobuslaryna, otlularyna we uçarlaryna biletler elýeterlidir.
Satyn alyşy resmileşdirmek üçin e.gov.tm portalyna hasaba alynmak, şeýle-de «Altyn Asyr» plastik kartyny baglamak zerurdyr. Şeýle-de kartyň SMS habarnama hyzmatyna birikdirilmegi möhümdir.
Häzirki zaman sanly hyzmatlaryny ulanmak bilen, e.gov.tm arkaly Türkmenistanyñ ähli sebitlerine syýahatlary amatly ýagdaýda meýilleşdirip bolýar.