Çalık Holding – TIF 2025-iň Baş Sponsorlygyna Çykar
10.09.2025 | 22:00 |Sebitdäki öňdebaryjy türk konglomeratlarynyň biri bolan Çalık Holding, 2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherindäki Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» dynç alyş zolagyndaky «Awaza» Sport toplumynyň Konferensiýa merkezinde geçiriljek Türkmenistan Maýa goýum Foruma (TIF 2025)-nyň Baş hyzmatdaşlarynyň biri bolar. Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi tarapyndan guralýan bu möhüm çäre iş, döwlet we maýa goýum jemgyýetiniň öňdebaryjy wekillerini birleşdirip, ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmäge gönükdirilendir.
1981-nji ýylda Ahmet Çalyk tarapyndan esaslandyrylan Çalık Holding häzirki wagtda energiýa, gurluşyk, magdan, dokma we maliýe ýaly pudaklarda güýçli ornuny saklap, 30-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar. Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alanyndan soň, konsern ýurduň gurluşyk, infrastruktura, energiýa we dokma pudaklarynda möhüm taslamalara gatnaşyp gelýär. Bu ugurda onuň esasy kompaniýalary: Gap İnşaat, Çalık Enerji we GAP CLK Worldwide.
• Gap İnşaat: 1996-njy ýylda döredilen Gap İnşaat, Türkmenistanda iň öňdebaryjy halkara gurluşyk подрядçylarynyň biridir. Kompaniýa saglygy goraýyş, infrastruktura, senagat we iri desgalar boýunça ýöriteleşýär. Ol häzirki zaman tehnologiýalary giňden ulanmak we tebigata dostlukly çözgütleri ornaşdyrmak bilen tanalýar. Kompaniýanyň soňky üstünlikleriniň arasynda «Garabogazkarbamid» zawodynyň (Mitsubishi Corp. bilen bilelikde) hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi bar. Häzirki wagtda Gap İnşaat birnäçe möhüm taslamalary durmuşa geçirýär: onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, pediatriýa merkezleri, stomatologiýa merkezi hem-de Aşgabatdaky Ahalteke atçylyk toplumynyň täzelenmegi.
• Çalık Enerji: 1998-nji ýyldan bäri Çalık Enerji, Türkmenistanda, Türkiýede, Ýakyn Gündogarda, Orta Aziýada we Afrikada durnukly EPC şertnamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa maýa goýumlary, paýlaýyş we bölek satuw pudaklarynda öňdebaryjy EPC подрядçysy bolup durýar. Türkmenistandaky taslamalarynda innowasiýa we sanlylaşdyrma ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Häzirki taslamalaryň arasynda: Türkmenbaşydaky kuwwaty 1574 MW bolan Kiyanly bug-gaz elektrik stansiýasy, Mary welaýatyndaky «Şatlyk-1» gaz kompressor stansiýasynyň gurluşygy, Türkmenistan–Owganystan–Päkistan (TAP) elektrik geçiriji ulgamy we Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde gurlup başlan 10 MW kuwwatly Gün-Ýel hibrid elektrik stansiýasy bar.
• GAP CLK Worldwide: Çalık Holding-iň düzümindäki GAP CLK Worldwide kompaniýasy logistika, dokma, söwda we satyn alyş ugurlary boýunça ýöriteleşýär. Kompaniýa «Rowaçlygyň Ýoly» diýlip hem atlandyrylýan Gadymy Ýüpek ýoluny täze ykdysady mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp, onuň merkezinde Türkmenistanyň orun almagyna goşant goşýar.
TIF 2025-de Çalık Holding öz üstünliklerini, dowam edýän taslamalaryny we geljekki maýa goýum tekliplerini tanyşdyrar, Türkmen bazarynda ornuny berkider we täze hyzmatdaşlyklary gözlär. Çalık Holding, Türkmenistanyň Hökümetine we Forumyň guramaçylaryna döwlet hem-de hususy pudaklaryň wekilleri bilen gatnaşyklara giň mümkinçilik döredendikleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirýär.