Türkmenistan ŞHG-niň ýurtlaryna tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr – Prezidentiň çykyşyndan
02.09.2025 | 04:10 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Týanszinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” formatyndaky sammitinde eden çykyşynda ykdysadyýet, ulag, energetika, senagat hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ugurlara ünsi çekip, Türkmenistan bilen ŞHG-niň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny giňişleýin beýan etdi şeýle hem guramanyň ählumumy durnuklylygyny pugtalandyrmak çemeleşmelerini goldaýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany “Türkmenistan ŞHG-na we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris” – diýip, ŞHG-niň ähmiýetini belledi.
Çykyşda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy tarapyndan ýakynda teklip edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjyna aýratyn üns berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu başlangyjyň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny kämilleşdirmek baradaky koseptual garaýyşlaryna doly laýyk gelleýändigini belledi: “Bu pikir Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýär”.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ŞHG halkara we sebit durnuklylygyny pugtalandyrmak, çylşyrymly meseleleri çözmek üçin syýasy-diplomatik dialog üçin şertleri döretmek boýunça çemeleşmelerini görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna şol sanda ýurduň Bitaraplygyna we halkara başlangyçlaryna üýtgewsiz konstruktiw wezipesine ünsi çekdi. “Häzirki wagtda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygy hakyndaky Kararnamalarynyň, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan teklip edilen BMG-niň birnäçe beýleki çözgütleriniň awtordaşy bolup çykyş edendiklerini we goldandyklaryny nygtamak ýerlikli bolar” – diýip döwlet Baştutany aýtdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda geçiriljek dabaralarda ŞHG-a agza döwletleriň ählisiniň ýokary derejeli wekiliýetlerini görmäge şat bolarys diýip, Prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow ykdysady ulgamyň Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň kesgitleýji ugry bolup durýandygyny aýratyn belledi hem-de ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat taýdan ýakynlaşmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. “Ägirt uly serişde binýady, geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, senagatyň we infrastrukturanyň çalt depginler bilen ösmegi, özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi — bularyň ählisi ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, bilelikde ösmäge, bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär diýip” – diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Ulag ugruna aýratyn üns berildi. Prezidentiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we ŞHG ýurtlary Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlar boýunça logistika magistrallaryny ýola goýmakda möhüm baglanyşyk bolup biler.
“Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrýar” – diýip, döwlet Baştutany belledi.
Munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hazarüsti we Hazarýaka ulag ugurlarynyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. “Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek biziň umumy wezipämiz diýip hasaplaýaryn. Hazar arkaly ulag geçelgelerine biziň ykdysady we önümçilik mümkinçiliklerimiziň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmak, dünýä bazarlaryna doly derejede çykmak üçin anyk mümkinçilik hökmünde garaýarys” – diýip, aýtdy. Şeýle döwlet Baştutany Hazar deňzinde ýük daşamalar üçin amatly syýasy-hukuk gurşawyny döretmek hem möhüm ugurdyr. Munuň özi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Hazar deňzinde söwda we ykdysady işlerine gatnaşmaklary üçin gowy mümkinçilikleri açýar diýip belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada giňişleýin durup geçdi hem-de terminaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbitlerine ulanylmagy baradaky dialoga taýýardygyny tassyklady. Prezident şeýle hem, gämi gurluşygyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi çekdi: “ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda uly önümçilik kuwwatlyklary we baý tejribesi bar. Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn”.
Prezident Merkezi Aziýada we goňşy sebitlerde döwrebap, köpşahaly demir ýol, awtomobil ulgamlarynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtady. Şeýle hem hyzmatdaşlar bilen bilelikde taslamalary durmuşa geçirilýändigini şol sanda Owganystana uzaýan demir ýollary gurulýandygyny belledi we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri görýändigini we bu babatda öz teklipleri tanyşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda hem ünsi çekdi. Türkmenistanyň häzirki wagtda ŞHG-ä agza döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlykda Owganystanyň üsti bilen Pakistana optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça iri taslamany durmuşa geçirýär we gurama bu taslamalaryň geografiýasyny giňeltmäge we kuwwatyny artdyrmaga işjeň gatnaşmagy teklip etýär.
Döwlet Baştutany energetika ulgamynda Türkmenistanyň ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardygyny nygtady. “Biz häzirki wagtda elektroenergetika-da aýratyn üns berýäris. Elektrik energiýasyny ibermek, onuň ugurlaryny we möçberini giňeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyrys” – diýip belledi.
Prezident mundan başga-da senagat kooperasiýasyny üstünde durup geçdi: “Ýurtlarymyzyň okgunly ykdysady ösüşi, täze senagat kärhanalarynyň barha artýan sany, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi — bularyň ählisi ykdysady hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapmalydyr”.
Ynsanperwer ulgamy hem ünsden düşürilmedi. Serdar Berdimuhamedow taryhy tejribäniň, gymmatlyklaryň ýakynlygynyň, däp-dessurlara ygrarlylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we birek-birege hormat goýmagyň möhümdigini, medeni, ylym, bilim we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrylmagyň hemişe möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň umumy bähbitleriň hatyrasyna bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge, dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady hem-de sammite gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy ulag geçelgelerini, energetika we senagat kooperasiýasyny, şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklara ünsi jemläp, Türkmenistanyň “ŞHG +” bilen gatnaşyklary ösdürmäge ulgamlaýyn çemeleşmesini görkezýär. Bu bolsa ýurduň Ýewraziýa giňişliginde möhüm ykdysady we logistika merkez hökmünde ornuny berkitýär hem-de sebitleýin we ählumumy proseslere täsirini mundan beýläkde pugtalandyrmak üçin esas döredýär. Hususan-da, Hazarüsti ulag ugurlaryna, portlara we energiýa çeşmelerine üns berilmegi özüniň ykdysady barlygyny we Ýewraziýa giňişliginde uzak möhletleýin ornuny güýçlendirmek baradaky Türkmenistanyň strategiki maksadyny görkezýär.
ORIENT