Iň täze habarlar

Turkish Airlines Stambul – Misrata uçar gatnawlaryny açdy

10.09.2025 | 17:30 |
 Turkish Airlines Stambul – Misrata uçar gatnawlaryny açdy

Turkish Airlines Stambul – Misrata – Stambul ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlady. Indi syýahatçylar täze ugurdan hepdäniň üç güni peýdalanyp bilerler.

Stambul howa menzilinden (IST) uçar sagat 11:30-da ugrap, Misratada (MRA) sagat 13:25-de gonýar. Yza gaýdýan uçar bolsa sagat 15:25-de ugrap, Stambula 19:15-de ýetýär.

Bu ugruň açylmagy ýolagçylar üçin mümkinçilikleri giňeldýär we Türkiýe bilen Liwiýanyň arasyndaky ulag gatnaşyklaryny berkidýär.

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: