Iň täze habarlar

Daniýada halkara hünär bilimi forumy geçirildi

11.09.2025 | 15:30 |
 Daniýada halkara hünär bilimi forumy geçirildi

8–11-nji sentýabr aralygynda Daniýanyň Kolding we Kopengagen şäherlerinde Dördünji Hünär Kämilleşdiriş Forumy geçirildi. Çäräni Ýewropa Okuw Gaznasy (ETF) esasy daniýa hyzmatdaşlary bilen bilelikde gurady. Oňa 43 ýurtdan 400-den gowrak wekiller, şol sanda hünär bilimi ýolbaşçylary, sanlylaşdyrma boýunça bilermenler, işewürler we talyp jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumuň esasy üns merkezi sanlylaşdyrma meselelerine, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de ählumumy ýaşyl we sanly geçiş şertlerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça mümkinçilikleriň üpjün edilmegine gönükdirildi. Bu ýerde Hünär Kämillik Merkezleriniň (CoVEs) bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki orny giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

1

Maksatnamanyň çäklerinde umumy mejlisler, tematiki maslahatlar, seminarlar we giň gerimli okuw saparlary geçirildi. Gatnaşyjylar Daniýanyň öňdebaryjy bilim edaralaryna we ofşor energetika, howa, jogapkär oba hojalygy we sanly innowasiýalar ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy kärhanalaryna, şeýle hem EuroSkills 2025 çempionatyna baryp gördüler. Foruma DIGI ENE sanly kämillik ulgamy bilen DARYA taslamasynyň topary möhüm goşant goşdy we maslahatlaryň amaly taýdan peýdaly geçmegine ýardam etdi.

Türkmenistanyň Bilim Ministrliginiň wekiliýetiniň hem bu çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň hünär bilimi babatynda halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga bolan isleginiň möhüm subutnamasy boldy.

Forum ýaş hünärmenleri geljegiň kynçylyklaryna taýýarlamakda we durnukly ösüşi üpjün etmäge bilim ulgamynyň goşýan ornuny berkitmekde tejribe alyşmak we täze hyzmatdaşlyklary gurmak üçin netijeli meýdança boldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: