Iň täze habarlar

Garmin hemra aragatnaşygy bolan Fenix 8 Pro sagatlary bilen tanyşdyrdy

07.09.2025 | 14:00 |
 Garmin hemra aragatnaşygy bolan Fenix 8 Pro sagatlary bilen tanyşdyrdy

Garmin kompaniýasy Fenix 8 Pro akylly sagatlary bilen tanyşdyrdy. Bu seriýa üçin ilkinji gezek girizilen aýratynlyk — içerki hemra aragatnaşygydyr. Garmin inReach tehnologiýasy arkaly ulanyjylar, mobil aragatnaşygy ýok wagty hem, Garmin Messenger programmasy arkaly habarlaşyp bilerler. Adatdan daşary ýagdaýlarda SOS funksiýasy arkaly Garmin-iň gije-gündiz işleýän merkezine duýduryş ibermek mümkinçiligi bar.

Täze model iki görnüşde hödürlenýär. AMOLED ekrany bolan görnüşi 27 güne çenli özbaşdak işläp bilýär. MicroLED ekrany bolan sagatlar bolsa Gün şöhlesinde-de ajaýyp görünýän 4500 nit ýagtylyk bilen tapawutlanýar.

Mundan başga-da, iki görnüş hem jaň etmek üçin LTE aragatnaşygyny, nagt däl tölegler üçin Garmin Pay hyzmatyny we saglygy gözegçilikde saklamak üçin doly premium mümkinçilikler toplumyny goldaýar. Sagatlar 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan satuwa çykarylar. Bahasy — AMOLED ekrany bolan görnüş üçin $1200-den, MicroLED ekrany bolan model üçin bolsa $2000-den başlanýar.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: