Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ekologiýa-infrastruktura ösüşi bilen tanyşdy
7-nji martda, şenbe güni, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda gurulýan senagat we durmuş maksatly desgalar bilen tanyşyldy, şeýle hem degişli edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahaty geçirildi