Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýetiniň HHR-iň amala aşyran saparynyň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

03.09.2025 | 00:45 |
 Türkmen wekiliýetiniň HHR-iň amala aşyran saparynyň dowamynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna jikme-jik garaldy şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

Duşuşyklar temalaryň giň toplumy öz içine aldy – intellektual eýeçilik meselelerinden başlap, energetika we ulag ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine çenli.

Medeniýet, ylym we media: hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimler

Taraplar intellektual eýeçilige aýratyn üns berdiler, ony goramak we hukuk taýdan kadalaşdyrmak pudagynda tejribe alyşdylar. Bu dialog, innowasiýalar we awtorlyk hukugy üçin has ygtybarly hukuk binýady döretmäge gönükdirilendir.

Akademiki gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde bilim we ylym pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýollary, ylym-bilim taslamalaryny, talyplar we mugallymlar alyş-çalyşygy we bilelikdäki ylmy maslahatlary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky medeni dialogyň dowamynda muzeý işleri hem öz beýanyny tapdy. Iki ýurduň wekilleri medeni mirasy gorap saklamak we giňden wagyz etmek boýunça tejribelerini paýlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki sergileri we beýleki çäreleri geçirmek boýunça alalaşdylar.

Duşuşyklaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda özara hyzmatdaşlyga garadylar. Taraplar maglumatlary alyşmak, bilelikdäki mediataslamalary durmuşa geçirmek we žurnalistleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Energetika we ulag: Infrastruktura baglanyşyklaryny pugtalandyrmak

Ulag pudagynda taraplar infrastruktura taslamalaryny giňeltmek şeýle hem logistikany kämilleşdirmek we awtomobil we demir ýollaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmen we hytaý tarapynyň wekilleri energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň durnukly önümçiligi üçin tehnologiýalary ösdürmek bilen bagly pikirlerini paýlaşdylar. Bellenilişi ýaly, degişli infrastrukturanyň ösdürilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, özara maýa goýumlar üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.

Gol çekilen resminamalar

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ylalaşyklary berkitýän we mundan beýläkki hyzmatdaşlyga esas döredýän dört sany özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi:

— Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Lançžou uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli intellektual eýeçilik boýunça edarasynyň arasynda intellektual eýeçilik babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Hytaýyň Milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— “Altyn asyr” elektron gazetiniň redaksiýasy bilen “Ženmin Žibao” neşiriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

ORIENT

Foto: lzu.edu.cn

Şeýle hem okaň: