Apple özüniň AI esasyndaky gözleg ulgamy boýunça iş alyp barýar
05.09.2025 | 16:00 |Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan öz gözleg hyzmatyny işläp düzýär. Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, täze gözleg ulgamy Siri ses kömekçisi bilen, Safari brauzeri we Spotlight ulgamy bilen birleşdiriler.
Hyzmat ChatGPT ýaly uly dil modeli esasynda işlär. Ol tekst, suratlar we wideo ýaly dürli mazmun görnüşlerini işläp biler, şeýle hem ulanyjynyň geografik ýerleşişine esaslanyp ýakyndaky obyektler barada maglumat berip biler. Täze gözleg ulgamynyň işläp başlajak wagty 2026-njy ýylyň ýazyna meýilleşdirilýler.
ORIENT