Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
06.09.2025 | 03:05 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawa bilen duşuşyk geçirdi kabul etdi. Gepleşikler Ýaponiýanyň Türkmenistana energetika maýa goýumlary babatynda geljegi uly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny görkezdi.
Ýapon bankynyň wekili Türkmenistanyň açyk maýa goýum syýasatyna ýokary baha berip, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklar şol sanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu şu ýylyň aprelinde Ýaponiýa amala aşyran resmi saparyny üstünlikli dialogyň esasy boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öz ykdysady mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýär. Döwlet Baştutany ýurduň tebigy gazy çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça uly meýilnamalarynyň bardygyny, şu nukdaýnazardan, JBIC bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belledi
Taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň bankynyň indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny we birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýol açan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň täze ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin Ýaponiýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklandy.
Şu sapar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň iri göwrümli milli taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen strategiki hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini ýene bir gezek tassyklady.
ORIENT