DevFest'23 - spikerler bilen tanyşlyk (1-nji sanaw)
Bosagada eýýäm dekabr aýy, ýagny Google Developers Group (GDG) tarapyndan Türkmenistanda üçünji ýyl bäri geçirilýän Aşgabat “DevFest’23”-iň ýakynlaşýandygyny aňladýar. Ýakynda geçiriljek IT konferensiýasynyň çäginde, çärä gelýänlere festiwaldan nämä garaşýandyklary barada has gowy düşünje bermek üçin spikerler we olaryň temalary bilen tanyşlyga başlaýarys. Bu sanymyzda Siz Ilýas Seisow, Şasenem Çakanowa, Ilýas Kudratullaýew we Myrat Sähetgulyýew bilen tanyşarsyňyz.