Iň täze habarlar

Aşgabatda ilkinji gezek Google I/O Extended maslahaty geçiriler

11.09.2025 | 13:43 |
 Aşgabatda ilkinji gezek Google I/O Extended maslahaty geçiriler

20-nji sentýabrda Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistanda Google Developer Groups Ashgabat tarapyndan guralan Google I/O Extended maslahaty geçiriler.

I/O Extended — bu Google kompaniýasynyň her ýylky işläp taýýarlaýjylar üçin geçirilýän maslahatynyň ýerli görnüşidir. Onuň maksady — Google-nyň esasy tehnologik çäresiniň möhüm pikirlerini we täzeliklerini dünýäniň dürli künjegindäki jemgyýetlere ýetirmekdir.

Duşuşygyň maksatnamasynda Google I/O 2025-de görkezilen tehnologiýa we innowasiýa babatda soňky täzelikleriniň ara alnyp maslahatlaşmalary bar: emeli aňyň we Android-yň ösdürilmeginden başlap, bulut hyzmatlaryna we web-tehnologiýalaryň geljegine çenli. Guramaçylaryň bellemegine görä, çäre bilim alyşmak, döwrebap ugurlar bilen tanyşmak we hünär gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ylham beriji meýdança öwrüler.

Çäräniň başlanýan wagty — 16:00. Gatnaşyk mugt, emma öňünden resmi saýtda hasaba alynmak talap edilýär. Ýerler çäklidir. Hasaba alynmak üçin aşakdaky salgydan peýdalanyň:

https://gdg.community.dev/events/details/google-gdg-ashgabat-presents-google-io-extended/?fbclid=PAZnRzaAMvXjdleHRuA2FlbQIxMQABp-u2XrNKuNpCb80jU8yhY2MF4C0F0cesx0xLLDycIxVByqcOY1inEr8ngKEE_aem_DPJGnf8x8femy_5mkxql3Q

ORIENT

Foto: Google Developer Groups Ashgabat

Şeýle hem okaň: