Aşgabatda «TedxAshgabat» atly iňlis dilindäki bäsleşik geçiriler
11.09.2025 | 16:10 |Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «TedxAshgabat» atly iňlis dilindäki bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar. Çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.
Bäsleşigiň maksady — türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak boýunça başlangyçlarynyň many-mazmunyny açyp görkezmekdir.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar çykyşynyň tekstini taýýarlap, nusga boýunça anketany doldurmalydyrlar.
Maglumatlar 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli ahmetnazar69@gmail.comelektron salgysyna iberilmelidir.
Habarlaşmak üçin:
Telefon: +99365909929
E-mail: ahmetnazar69@gmail.com
ORIENT