Iň täze habarlar

Microsoft we Barclays energiýa tygşytlaýjy optiki kompýuteri bilen tanyşdyrdy

05.09.2025 | 16:10 |
 Microsoft we Barclays energiýa tygşytlaýjy optiki kompýuteri bilen tanyşdyrdy

Microsoft Barclays banky bilen hyzmatdaşlykda analog optiki kompýuteriň (AOC) prototipi bilen tanyşdyrdy. Bu adaty prosesorlar ýaly elektrik energiýasy bilen däl-de, linzalar we sensorlar arkaly geçýän ýagtylygyň intensiwligini üýtgetmek arkaly hasaplamalary amala aşyrýan innowasion enjamdyr. Şeýle tehnologiýa öň görlüp-eşidilmedik energiýa tygşytlylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Täze kompýuteriň esasy artykmaçlygy — onuň geň galdyryjy energiýa tygşytlylygy. Ulgamyň öndürijiligi her watta 500 TOPS ýetip bilýär, bu ony häzirki GPU-lardan (grafiki prosessorlar) 100 esse netijeli edýär. Şeýle işläp taýýarlama emeli aňyň ösdürilmegi we uly hasaplama kuwwaty talap edýän optimizasiýa meselelerini çözmek üçin örän möhümdir.

1

Microsoft kompaniýasy öz enjamynyň algoritmlerini we «sanly ekizini» ylmy jemgyýet bilen paýlaşmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Bu başga alymlaryň we inženerleriň fiziki prototipe elýeterliksiz, bu ugurda işlerini ösdürmegine mümkinçilik berer. Şonuň üçin täze optiki kompýuter geljekki tehnologiýalar üçin has güýçli we durnukly çözgütleri gözlemegiň möhüm ädimine öwrülip biler.

ORIENT

Foto: Microsoft

Şeýle hem okaň: