Iň täze habarlar

Microsoft PowerToys-y täzledi: 0.94 wersiýasynda haýsy täzelikler bar

07.09.2025 | 14:30 |
 Microsoft PowerToys-y täzledi: 0.94 wersiýasynda haýsy täzelikler bar

Microsoft PowerToys 0.94 ady bilen ulanyjylar üçin niýetlenen täze wersiýasyny çykardy. Esasy täzelikler: klawiatura utgaşdyrmalarynyň gapma-garşylygyny tapmak üçin gural, sazlamalardaky täzelenen gözleg hem-de «Süýşýän kursor» funksiýasy.

Täze gapma-garşylygy anyklamak gurallary ulanyjylara standart we şahsy klawiatura kombinasiýalarynyň arasyndaky deň gelmezlikleri aňsat tapmaga we çözmäge mümkinçilik berýär. Sazlamalarda ýörite düwme peýda boldy, ol basylanda gapma-garşylyklary çalt çözmek üçin penjire açylýar. Mundan başga-da, sazlamalardaky gözleg kämilleşdirildi: indi ol ýalňyş ýazuwlary hem tanap bilýär, maslahatlary görkezýär we netijeleri aýratyn sahypada görkezýär.

Bu funksiýalardan daşary, täzelenmede başga-da birnäçe kämilleşmeler bar: gurnmak faýly täzelendi, tabşyryklar palitrasy kämilleşdirildi we «çalt aksentler» funksiýasy üçin malt dili goşuldy.PowerToys programmasyny Microsoft Store-dan ýa-da GitHub sahypasyndan ýükläp almak mümkin.

ORIENT

Foto: Microsoft

Şeýle hem okaň: