“Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görülýär
10.09.2025 | 21:00 |Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen Türkmenistan bilen BMG-niň we onuň agentlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
10-njy sentýabrda DIM-de geçirilen duşuşykda düýn Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessisasynyň başlandygy we ählumumy gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdançasyna öwrülendigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Türkmenistan-BMG” Strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň taýýarlygyna aýratyn üns berildi.
BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllyk baýaramyna taýýarlyk işleriniň çäginde ministr ýurtda degişli çäreleri geçirmäge ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Raşid Meredow şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi.
Şöhbetdeşligiň temasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlary boldy. Olaryň köpüsiniň Merkeziň mandaty bilen özara arabaglanyşyklydy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy olary durmuşa geçirmek boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
ORIENT