Iň täze habarlar

Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz sebiti işewür dialogy işjeňleşdirýär

10.09.2025 | 05:15 |
 Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz sebiti işewür dialogy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Germaniýanyň Reýnland-Pfalz federal ýeri söwda-ykdysady we medeni ugurdaky özara hyzmatdaşlygyň geljegine seredýär. Bu sebiniň paýtagty Maýnz şäherne amala aşyran iş sapary wagtynda Türkmenistanyň GFR-daky konsuly Myrat Özbekbaýew sebitiň esasy wekilleri şol sanda Ykdysadyýet, ulag, oba hojalygy we üzümçilik ministrliginiň Döwlet sekretary Petra Dik-Walter we Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylygy bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

turkmenistan-germany-reynland-pfalts (4).jpg

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitleýin söwda-senagat edralary we işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini bellediler. Energetika, himiýa senagaty, oba hojalygy, derman senagaty, biotehnologiýa, şeýle hem maşyn gurluşygy we ýokary tehnologiýa ýaly geljegi uly ugurlara aýratyn üns berildi.

Türkmenistan bilen Reýnland-Pfalzyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi. German tarapyna Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçilikleri barada jikme-jik maglumatlar berildi. Ikitaraplaýyn saparlary we ýakyn wagtda bilelikdäki işewürlik çärelerini guramakda özara gyzyklanma beýan edildi. Hususan-da, takmynan 42,000 agza-kärhanany birleşdirýän Reýn-Gessen Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň işewür toparlary bilen iş gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.

turkmenistan-germany-reynland-pfalts (2).jpg

Sebit barada: möhüm ykdysady we innowasion merkezi

Reýnland-Pfalz ýurduň günbatarynda ýerleşýän Germaniýanyň esasy federal ýerlerini biridir. 4,2 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit ösen senagaty, himiýa pudagy we derman senagaty bilen tanalýar. “BASF SE” himiýa konserni we “Boehringer Ingelheim GmbH” derman kärhanasy, şeýle hem “BioNTech” innowasion kompaniýasy ýaly dünýä derejesindäki ägirtleriň ştab-kwartirasy şu ýerde ýerleşýär. Fransiýa, Lýuksemburga we Belgiýa ýakynlygy ony Ýewropanyň möhüm ulag we logistika merkezine öwürýär.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň GFR-daky konsullygyny tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: