Serdar Berdimuhamedow Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyň täze derejesine taýýardygyny tassyklady
09.09.2025 | 03:18 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Lideri Emomali Rahmony ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlady.
“Soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli ösdürilýändigini we onuň halkara gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde tutýan ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny bellemek buýsançly” – diýip gutlag hatynda bellenilýär.
“Türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygymyzy tassyklaýaryn” – diýip, Täjigistanyň Lideriniň web sahypasynda ýerleşdirilen gutlagda bellenilýär.
Täjigistanda Garaşsyzlyk güni 9-njy sentýabrda bellenilip geçilýär. Türkmenistanyň Baştutany bilen birlikde Emomali Rahmona Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň Liderleri, Eýranyň, BAE-niň Awstriýanyň Prezidentleri, Beýik Britaniýanyň we Saud Arabystanynyň Patyşalary, Ýaponiýanyň Imperatory, Rim Papasy wen beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.
ORIENT