Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

10.09.2025 | 10:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Täjigistanyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň yzygiderli pugtalanýandygyny we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän ornunyň işjeň ýokarlanýandygyny belledi we türkmen tarapynyň türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak üçin zerur tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täjigistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: