12-nji sentýabrda Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna we ýyldyrymyň çakmagyna garaşylýar
10.09.2025 | 11:55 |11-nji sentýabryň gijesi bilen 12-nji sentýabryň dowamynda Türkmenistanyň käbir ýerlerinde howa hünärmenleri ýagşyň ýagmagyny çaklaýarlar. Bu barada Meteožurnal habar berýär.
Ýagyş Balkan welaýatynda, Ahal welaýatynyň günbatarynda, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň serhetýaka etraplarynda bolup biler. Käbir ýerlerde has güýçli ýagyş we ýyldyrym bolmagy mümkin.
Mundan başga-da, 12-nji sentýabrda käbir welaýatlarda şemalyň güýjemegi, onuň tizlikleriniň sekuntda 12–17 metre ýetmegi çaklanylýar.
Ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlaryna syýahatlary hem-de açyk howada çäreleri meýilleşdirilende howa maglumatyny göz öňünde tutmak maslahat berilýär.
ORIENT