Astrahanda Hazar sebitiniň ýaşlary hyzmatdaşlygyň köpugurly nusgasyny dörederler
10.09.2025 | 12:28 |Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Belarusyň we Abhaziýanyň ýüzlerçe ýaşlary Astrahan oblastynda Günorta federal okrugynyň «Berega» atly ýaşlar bilim forumynda ýygnanyşdylar.
Çärä 300 gatnaşyjy gatnaşýar, olar birnäçe günläp üstünlikli kärhanalaryň tejribesi bilen tanyşar, okuwlary geçer we Hazar sebitiniň ýurtlary üçin işewür hyzmatdaşlygyň köpugurly nusgasyny işläp düzerler.
TASS-nyň sebitiň dolandyryş edarasyna salgylanyp beren habaryna görä, forum «Rosmolodýož. Forumlar» platformasynyň çäginde geçirilýär. Onuň maksady ýaş hünärmenlere öz hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze bilimleri edinmäge we özüni tanatmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Geljekde bolsa olar öz ukyplaryny ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda peýdalanyp bilerler.
ORIENT