
10-njy sentýabr – işewürlik we maýa goýum dünýäsinde ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri üçin hasaba alynmagyň iň soňky güni. 18-19-njy sentýabrda Awazada geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2025 (TIF 2025) işewür toparlarynyň wekillerini bu uly çärä gatnaşmaga çagyrýar.
Forum Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler we 45 ýurtdan 500-den gowrak wekiliýeti bir ýere jemlär. Gatnaşyjylara 100-den gowrak halkara derejeli bilermenler tarapyndan çykyşlar bilen iki günlük baý maksatnama garaşýar. Onuň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşylar.
Gatnaşyjylara amatly bolmagy üçin TIF 2025 Attendee Hub atly ýörite mobil goşundy döredildi. Bu siziň şahsy gollanmaňyza öwrüler. Onuň kömegi bilen siz şulary başararsyňyz:
✓ Gyzgyny bilen ähli habarlary we täzelenmeleri almak.
✓ Maksatnama bilen tanyşmak we öz tertibiňi düzmek.
✓ Howpsuz sanly giňişlikde wekilýetler, maýadarlar we hünärmenler bilen aragatnaşygy ýola goýmak.
20-den gowrak resmi hemaýatkärler we hyzmatdaşlar tarapyndan goldanylýan bu forum, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we özara peýdaly ylalaşyklary baglaşmak üçin täsirli meýdança boljakdygyny wada berýär. Guramaçylyk komiteti bu çäräniň guralyşyna goşant goşan her bir adama çuňňur minnetdarlyk bildirýär.
Eger siz entek hasaba alynmadyk bolsaňyz, onda şu gün ,10-njy sentýabrda günüň ahyryna çenli ýetişiň.
Guramaçylyk komitetiniň belgileri:
Hasaba durmak üçin: medina.atdayeva@turkmencongress.com
Tehniki soraglar üçin: azat.malikgulyyev@turkmencongress.com
Logistika üçin: mashat.hajyyev@turkmencongress.com
Tranferser üçin: transfer@turkmencongress.com
Myhmanhanalar üçin: hotel@turkmencongress.com
Bron etmek we syýahat üçin: travel@turkmencongress.com
TIF 2025-de size graşýarys!