Iň täze habarlar

“ŞHG +” sammitinde Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan sebitleýin gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

02.09.2025 | 03:15 |
 “ŞHG +” sammitinde Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan sebitleýin gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Týanszinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “ŞHG+” formatyndaky sammitine gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde hormatly myhman hökmünde çykyş etdi we giňeldilen formatyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin strategiki ähmiýetini nygtady.

“ŞHG+” formaty Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleri, synçy we dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlary birleşdirip, ykdysady, medeni we syýasy gatnaşyklary giňeltmek üçin Ýewraziýa giňişliginde meýdançany döretýär. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň giriş sözünde belleýşi ýaly, “ŞHG+” deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna çakylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň ŞHG-niň işi bilen baglanyşykly üýtgewsiz konstruktiw garaýşyny we häzirki zaman dünýä tertibiniň deňagramly ulgamyny emele getirmekde guramanyň ähmiýeti nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynda hyzmatdaşlygyň ykdysady ugruna aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutany ulag-logistika, kommunikasiýa, energetika, söwda ulgamlaryny senagat kooperasiýasyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň geografik taýdan ýerleşmegiň artykmaçlyklary, ösen senagat we infrastrukturasy, şeýle hem özara hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesi sebitleýin we ählumumy ähmiýetli iri ykdysady merkezleri döretmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidentini ulag ugry boýunça başlangyçlaryň üstünde jikme-jik durup geçdi. ŞHG ýurtlarynyň we Türkmenistanyň esasy merkezleri bolup biljek Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlaryň mümkinçilikler nygtaldy. Şunda Hazarüsti we Hazarýaka ulag geçelgelerine şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi bolsa dünýä bazarlaryna netijeli çykmak üçin mümkinçilikleri açýar.

Energetika ulgamynda Türkmenistan ŞHG döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga we elektrik energiýasyny ibermekde möçberini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Prezident, şeýle hem bilelikdäki senagat kooperasiýasynyň mümkinçiliklerini belledi. Şunda täze senagat desgalarynyň ösüşini we sebit ykdysadyýetini berkitmäge goşant goşýan harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilmegi göz öňünde tutuldy.

Ykdysady ugurdan başga-da ynsanperwer ulgamynmdaky özara hyzmatdaşlyga üns çekildi: medeni, ylym, bilim, durmuş ulgamlaryndaky beýleki gatnaşyklary pugtalandyrylmak. Türkmenistan bu başlangyçlary sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we ynanyşmagy berkitmek üçin strategiki taýdan möhüm hasaplaýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, Si Szinpin tarapyndan teklip edilen Ählumumy dolandyryş başlangyjy goldaýandygyny, hem-de bu pikiriň Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň arhitekturasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu gatnaşyklary deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda bilelikde dolandyrmak babatda konseptual garaýyşlaryna gabat gelýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti, sebitiň durnuklylygy we gülläp ösüşi üçin bilelikdäki mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin amaly ädimlere ygrarlydygyny nygtady, şeýle hem Türkmenistanyň “ŞHG+” strategiki taslamalaryna işjeň goşulmaga taýýardygyny tassyklady.

Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär. Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda täze täsir ediji ugurlary açyp, “ŞHG+” formatynda geosyýasy we ykdysady ýagdaýyny giňeltmäge taýýardygyny görkezýär.

ORIENT

Foto: Sinhua

Şeýle hem okaň: