Iň täze habarlar

ChatGPT surat döretmek üçin täze «Stiller» funksiýasyny goşdy

16.07.2025 | 10:31 |
 ChatGPT surat döretmek üçin täze «Stiller» funksiýasyny goşdy

OpenAI kompaniýasynyň işläp düzüjileri özleriniň ChatGPT atly çat-botyna «Stiller» atly täze we mugt funksiýany girizdiler. Bu täze mümkinçilik, ulanyjylara çylşyrymly tekst soraglaryna (promptlara) düşünmän, islenýän stilde suratlary aňsatlyk bilen döretmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm ähli ChatGPT ulanyjylary üçin elýeterlidir.

Häzirki wagtda ulanyjylara öňünden kesgitlenen 9 stil hödürlenýär. Olaryň arasynda: «Anime», «Kiberpank», «Dramatik gara-ak», «Foto», «Boýag kitapçasy», «Retro» we «Neon» ýaly görnüşler bar.

BleepingComputer neşiriniň bellemegine görä, «Stiller» funksiýasy taýýar prompt nusgalarynyň toplumy hökmünde işlenip düzüldi. Bu bolsa, ulanyjynyň diňe suratyň mazmunyny beýan etmeginiň ýeterlikdigini, galan stilistik aýratynlyklaryň bolsa taýýar nusga arkaly awtomatiki goşulýandygyny aňladýar. Internetde bu täzelik eýýäm «ýaltalar funksiýasy» diýlip atlandyryldy, sebäbi surat döretmek prosesini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Şunuň ýaly funksiýa beýleki önümlerde hem ulanylýar. Mysal üçin, Samsung smartfonlarynda öňünden ornaşdyrylan Galaxy AI bukjasynda stil boýunça surat döretmek mümkinçiligi bar, şeýle hem Apple kompaniýasynyň Playground goşundysynda hem bu mümkinçilik hödürlenýär.

ChatGPT-de «Stiller» funksiýasyny ulanmak üçin çat-boty açmaly, «Surat» opsiýasyny saýlamaly, soňra bolsa «Stiller» bölümine geçmeli. Täze stil görnüşleriniň biri saýlanandan soň, diňe islenýän suratyň mazmunyny beýan edýän tekst ýazmak galýar.

ORIENT

Foto: Сайлас Штайн/Getty Images

Şeýle hem okaň: