Iň täze habarlar

Antalýada gark bolan gämi tapyldy

15.07.2025 | 18:15 |
 Antalýada gark bolan gämi tapyldy

Antalýanyň kenarlarynda, juda gowy ýagdaýda saklanyp galan, soňky ellinistik — irki Rim döwrüne degişli gark bolan gämi ýüze çykaryldy. “Gark bolan bu keramiki gämi” Kumluja etrabynyň Adrasan sebitiniň golaýynda, 33–46 metr çuňlukda tapyldy we bu açyş dünýäniň suwasty arheologiýasy üçin düýpgöter ähmiýetli diýlip hasaplanylýar. Gämide ýük hökmünde daşalan ýüzlerçe keramiki tabaklar we gap-gaçlar suwuň astynda 2000 ýyl bäri degilmän saklanyp galypdyr.

В Анталье обнаружили затонувший корабль

Gäminiň üstünde tapylan 25 dürli görnüşdäki keramiki önümleriň bitewüligi alymlary haýran galdyrdy. Olaryň palçyk bilen örtülmegi we biri-biriniň üstüne goýulmagy geçen iki müň ýyla garamazdan, olaryň gumyň astynda ajaýyp ýagdaýda saklanup galmagyna mümkinçilik döredipdir.

Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý tapyndy ýerine ýörite çümmegi amala aşyryp, üsti açylan tayndylaryň “2000 ýyllyk önümçilik we gaplama tehnologiýalary” barada gymmatly maglumatlary berýändigini aýtdy. Ol bu tapyndyny “Türkiýe üçin däl, eýsem tutuş dünýä medeni mirasy üçin uly gymmatlyk” hökmünde baha berdi. Häzirki wagtda bu tapyndylar sebitdäki Täzeden dikeltmek we konserwasiýa barlaghanasynda saklanylýar.

В Анталье обнаружили затонувший корабль

Täze muzeý taslamasy we medeni mirasy goramak

“Gark bolan keramiki gämi” açyşyny dünýä bilen paýlaşmak üçin Türkiýe Kemer-Idiros sebitinde Ortaýer deňziniň suwasty arheologiýasy muzeýini gurar. Bu gurluşyk işleriniň şu aýda başlamagy meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, Antaliýanyň arheologiýa muzeýinde ýörite suwasty arheologiýa bölümi dörediler.

Türkiýe 2024-nji ýyly “Arheologiýanyň altyn döwri” diýip yglan etmegi bilen, häzirki wagtda medeni mirasy goramak boýunça dünýäde öňdeligi eýeleýär. Gazuw işleriniň sany artdy, 2026-njy ýyla çenli olaryň sanynyň 800-e ýetmegi meýilleşdirilýär. Pataradan Mersine çenli kenarda eýýäm 400-den gowrak gark bolan gämi hasaba alyndy.

В Анталье обнаружили затонувший корабль

Syýahatçylyk üçin täze mümkinçilikler

Bu açyşlar diňe bir ylym üçin däl, eýsem syýahatçylyk üçin hem uly mümkinçilikleri döredýär. Suwasty arheologiýanyň we baý tebigy döwrebap daýwing ýerleriniň utgaşmagy netijesinde Türkiýe dünýäniň esasy daýwing merkezleriniň birine öwrülýär.

В Анталье обнаружили затонувший корабль

Egeý deňziniň kenary we Türkiýe Riwýerasy ýylyň dowamynda ýyly suw temperaturasy, köp sanly sertifisirlenen daýwing merkezleri we tejribeli tälimçiler bilen daýwing üçin syýahatçylary özüne çekýär.

В Анталье обнаружили затонувший корабль

ORIENT

Antaliýanyň Kaş, Muglanyň Fethiýe we Bodrum, şeýle hem Çanakkaledäki taryhy Gallipoli suwasty seýilgähi ýurduň iň meşhur daýwing ugurlarynyň hataryna girýär. Bodrumyň suwasty arheologiýa muzeýi ýaly edaralar suwasty tapyndylary dünýä ýaýmakda möhüm orun tutýar.

Foto: TGA

Şeýle hem okaň: