TDHÇMB-da söwdalaşyklar: suwuklandyrylan gaza we buýan köküne isleg bildirildi
17.07.2025 | 15:30 |16-njy iýulda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.
Özbegistanyň telekeçileri «Türkmengaz» Döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Gonkongyň telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen buýan köküniň goýaldylan ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde umumy bahasy 247 465,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 2 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news