Iň täze habarlar

VK MAX atly giň mümkinçilikli täze nesil messenjerini hödürleýär

16.07.2025 | 10:30 |
 VK MAX atly giň mümkinçilikli täze nesil messenjerini hödürleýär

VK kompaniýasy MAX atly täze messenjeriň beta-nusgasynyň işe girizilendigini yglan etdi. Taslama, aragatnaşyk, maliýe amallary we dürli hyzmatlara elýeterliligi özünde jemleýän geljekki köpugurly sanly kömekçi hökmünde tanyşdyrylýar. Bu başlangyç, ýüzlerçe million ulanyjy üçin esasy guralyna öwrülen Hytaýyň WeChat programmasynyň üstünliklerinden ruhlandy.

MAX messenjeri, Russiýanyň sanly garaşsyzlygyna çemeleşmesiniň çäginde döredildi. Taslama döwlet tarapyndan goldanyldy, milli programma üpjünçilik sanawyna girizildi we 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap Russiýada täze smartfonlara öňünden ornaşdyrylmagy hökmany bolar. 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky maglumatlara görä, MAX ulanyjylarynyň hasaba alnan sany 1 milliondan geçdi.

Häzirki wagtda beta-nusgasy diňe adaty messenjer mümkinçiliklerini (çatlar, jaňlar) däl, eýsem giňeldilen aýratynlyklary hem hödürleýär. Olaryň arasynda — tekst we surat döredip bilýän, ses we wideo maglumatlaryny gaýtadan işleýän Sber tarapyndan taýýarlanan mugt AI kömekçisi GigaChat 2.0 bar. Şeýle hem, bu messenjer ulgamy arkaly 4 GB çenli faýllary ibermek, Tiz töleg ulgamynyň (TTU) üsti bilen pul geçirimlerini amala aşyrmak, şeýle hem çat-botlar we mini-programmalar bilen işleşmek mümkindir.

Geljekde VK kompaniýasy MAX ulgamynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Garaşylýan täze aýratynlyklaryň hatarynda «Döwlet hyzmatlary» bilen integrasiýa, doly gurlan töleg ulgamynyň döredilmegi, mobil hyzmatlaryň we öz marketpleýsiniň goşulmagy, şeýle hem telekeçilik üçin gural görnüşleriniň artdyrylmagy bar. MAX ähli esasy mobil we kompýuter platformalary üçin elýeterlidir, emma häzirki wagtda diňe rus ýa-da belarus telefon belgileri bolan ulanyjylar üçin hasaba alyş mümkinçiligi bar.

ORIENT

Foto: evening-kazan.ru

Şeýle hem okaň: