Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjana sapary başlandy

16.07.2025 | 11:10 |
 Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjana sapary başlandy

16-njy iýulda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjana bardy.

AZERTAG -yň habar berşi ýaly, iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň hormatyna hormat garawuly hatara düzüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow we beýleki resmi adamlar garşylady. Iki günlük saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

ORIENT

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: