Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

16.07.2025 | 19:45 |
 Türkmen halkynyň Milli Lideri Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

16-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana amala aşyrýan saparynyň dowamynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Allahşukur Paşazade Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri özbaşdak ösüş ýoluny saýlandygyny we döwletiň gazanan üstünliklerini kanagatlanma bilen yzarlaýandygyny aýtdy hem-de ýakyn wagtda ýene-de Türkmenistana baryp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşjakdygyna ynam bildirdi.

Din ugurdaky hyzmatdaşlyk meselelerini barada aýdyp, Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade, Türkmenistanyň müftüsi bilen bolan duşuşygyny ýada saldy. Ol iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýolbaşçylygynda azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň, şol sanda dini we ruhy ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňelendigini nygtady diýip, AZERTAG-yň habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen geçirilen duşuşygynyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky bar bolan ruhy gatnaşyklaryň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge goşant goşýandygyny aýtdy we bu duşuşygyň gatnaşyklaryň has-da giňelmegine goşmaça itergi berjekdigine ynam bildirdi.

vstrecha-upravleniye-musulman-kavkaza (1).jpg

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki başlangyçlaryň strategiki ähmiýete eýe bolandygy, bu çarçuwada dini we ruhy dialogyň möhüm orny eýeleýändigi hem-de geljekde bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazadany ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT

Foto: azertag.az

Şeýle hem okaň: