"Le.Travel" syýahatçylyk kompaniýasy Turkish Airlines awiabiletleriniň satuw möçberi boýunça ilkinji üçlüge girdi
17.07.2025 | 10:33 |Ýaňy-ýakynda Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda 2024-nji ýylda Turkish Airlines awiabiletleriniň iň ýokary satuw görkezijilerine eýe bolan syýahatçylyk agentliklerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu çärede “Le.Travel” (“Lebap syýahat”) syýahatçylyk kompaniýasy hormatly üçünji orny eýeledi.
Sylagy kompaniýanyň ýolbaşçysy Aýna Hydyrowa Turkish Airlines kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan gowşuryldy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok, Turkish Airlines-yň Merkezi we Günorta Aziýa boýunça prezidenti Sinan Dilek hem-de Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň ýolbaşçysy Mehmet Yasa gatnaşdylar.
Aýna Hydyrowa interwýusynda şeýle belledi:
"2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda biziň kompaniýamyz Turkish Airlines-yň Türkmenistandaky resmi wekili boldy. Bu waka “Lebap syýahat” kompaniýasynyň taryhynda möhüm basgançak bolup, syýahatçylyk ulgamynda bize täze mümkinçilikleriň gapysyny açdy. Geçen döwürde hyzmatdaşlygymyzyň netijesinde biz hyzmatlarymyzyň görnüşini giňeltdik, müşderilerimize täze ugurlary hödürledik we iň esaaysy, olara täze täsirleri we duýgulary peşgeş berdik.
2024-nji ýylyň netijelerine görä, kompaniýamyzyň Turkish Airlines awiabiletleriniň satuwy boýunça 3-nji orny eýelemegi aýratyn buýsanç döredýär. Bu üstünlik döwrebap işimiziň, birek-birege hormatymyzyň we ýokary hyzmat derejesine ymtylmagymyzyň netijesidir.
Biz diňe bir şäherleri, ýurtlary we yklymlary däl, eýsem medeniýetleri, adamlary hem-de olaryň ýüreklerini birleşdirýän bu giň bütindünýä köprüsiniň bir bölegi bolandygymyza buýsanýarys. Turkish Airlines bilen bilelikde gurnalýan syýahatlar arkaly biziň ýolagçylary gadymy siwilizasiýalaryň gözbaşlaryna, dünýäniň medeni we tebigy mirasyna bolan täsin syýahatlara ugradýarys.
Bize bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Geljekde bize täze sepgitler, uly taslamalar we müňlerçe bagtly syýahatçy garaşýar diýip ynanýarys.
Sizi hormatlamak bilen, Turkish Airlines kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili "Lebap syýahat" syýahatçylyk kompaniýasy".
“Le.Travel” kompaniýasynyň dünýäniň dürli ýurtlaryna syýahatlary gurnaýandygyny bellemek gerek: müşderiler taýýar syýahat bukjalaryny saýlap bilerler ýa-da ähli isleglerine laýyklykda aýratyn syýahat meýilleşdirip bilerler, wiza resminamalarynyň taýýarlanylmagynda, myhmanhanalaryň öňünden sargyt edilmeginde kömek alyp bilerler. Kompaniýa Türkmenistany tanamak isleýän daşary ýurtly syýahatçylara hem hyzmat edýär.
Kompaniýanyň iş salgylary:
Aşgabat şäherinde:
“Ak Altyn” işewürlik merkezi, 2-nji gat
“Berkarar” söwda merkezi, 1-nji gat
“Aşgabat” Söwda-dynç alyş merkezi
Lebap welaýatynda:
Türkmenabat şäheri, “Lebap Söwda Merkezi”
Telefon belgileri: (+99363) 17-55-57
TikTok: @le._travel.tm
Instagram: @le.travel.tm