Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
16.07.2025 | 23:16 |2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen ministrligiň Bütindünýa (global) meseleler boýunça syýasy müdirliginiň direktory K.Siharulidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça giň toplumyny ara alyp maşlahatlaşdylar. Şeýle hem Daşary işler ministrligiň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmekligiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Bellenilişi ýaly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin häzirki wagtda bar bolan oňaýly şertler iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan ynamyň we dostlugyň ýokary derejesini emele getirýär.
Şu jähtden duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň syýasy erjellikleriniň netijesinde kämilleşýän döwletara dialogyň ýokary derejesini aýratyn nygtap geçdiler.
Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem garadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işlerini ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar emele gelen özara netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy üçin ýola goýlan gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler.
ORIENT