Türkmenistan bilen Ruanda diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
15.07.2025 | 19:30 |14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Ruanda Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Martin K Ngoganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da Ilçi Ataýewa Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Ruandanyň Hökümetini ýene-de bir gezek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) ýokary derejede gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Ruandanyň Hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar we bu ädimiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm itergi boljakdygyny nygtadylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň we Ruanda Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
15-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ruanda Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Oliwýe Nduhungireheniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Daşary syýasat daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ynanyşmagy pugtalandyrmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin esas hökmünde baha berdiler.
ORIENT