Iň täze habarlar

Hytaýda hepdäniň bäş esasy wakasy

12.07.2025 | 15:03 |
 Hytaýda hepdäniň bäş esasy wakasy

Hytaýda hepdäniň bäş esasy wakasy (5–11-nji iýul, 2025 ý.)

Si Szinpin Şansi welaýatyna sapary amala aşyrdy we ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga çagyrdy

7–8-nji iýul aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin gözegçilik maksady bilen Şansi welaýatyna sapary amalaaşyrdy. Ol ykdysadyýetiň çig mal serişdelerine daýanýandyp, onuň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Ýansýuan şäherinde Si Szinpin klapan öndürýän zawodyň işi hem-de sebitdäki senagat innowasiýalary bilen tanyşdy. Şeýle hem, ol Ýaponiýa bilen bolan uruşdaky gahrymanlaryň hormatyna guralan Ýüz bölümiň hüjümi ýadygärligine baryp, olara hormat bilen ýatlady.

Li Sýan Braziliýada BRIKS sammitine gatnaşdy we Müsüre sapary amala aşyrdy

7–8-nji iýulda Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýan Braziliýada geçirilen 17-nji BRIKS sammitine gatnaşdy. Ol bu ýerde proteksionizme we bir taraplaýyn çärelere garşy çykyş etdi. Sammitiň çäginde Hytaý bilen Braziliýanyň arasynda emeli aň we kosmos ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Li Sýan BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BSG-niň ýolbaşçysy Ngozi Okonjo-Iweala, Efiopiýanyň premýeri Abiý Ahmed we Gresiýanyň premýeriniň orunbasary Kostis Hadzidakis bilen duşuşdy.

9-njy iýulda Li Sýan Müsüre bardy. Ol ýerde Prezident Abdel Fattah as-Sisi, premýer Mustafa Kamal Madbuli we Parlamentiň ýolbaşçysy Hanafi Ali Gebali bilen duşuşyk geçirdi. Ol strategik utgaşyklygy güýçlendirmegi we “Bir guşak - bir ýol” başlangyjyny goldamagy teklip etdi. Şeýle hem, Li Sýan Arap döwletleriniň ligasynyň baş sekretary Ahmed Abul Geýt bilen duşuşyp, arap ýurtlarynyň bitewüligini we ösüşini goldaýandygyny aýtdy.

Nyrh baradaky jedelleriň ýagdaýynda Hytaýyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy; Hytaý–ASEAN gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy

11-nji iýulda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Malaýziýada ASEAN çäreleriniň çäginde ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy. Bu olaryň Rubio wezipesine belleneli bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygydyr. 10-njy iýulda Hytaý–ASEAN daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Wan I özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belledi we Günorta-Gündogar Aziýa üçin ýadrosyz zolagyň Şertnamasyny goldady. ASEAN+3 (Hytaý, Ýaponiýa, Günorta Koreýa) duşuşygynda bolsa sebit integrasiýasyny dowam etdirmäge çagyrdy. Şeýle hem, Wan I Russiýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ASEAN ýurtlarynyň ministrleri bilen aýratyn duşuşyklary geçirdi. Hytaýyň ykdysadyýeti 14-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň netijesinde 19,5 trillion dollardan geçer

Hytaýyň ösüş we özgertmeler baradaky döwlet komitetiniň başlygy Çžen Şanszeniň aýtmagyna görä, 14-nji bäşýyllyk meýilnama (2021–2025) tamamlananda ýurduň ykdysadyýetiniň möçberi 140 trillion ýuandan (takmynan 19,5 trillion dollar) geçer. Bu döwürde Hytaý möhüm tehnologiýalarda öňe gidişlik gazandy — dünýäniň iň uly ylmy-tehnologik innowasiýa merkezleriniň 100-siniň 26-sy, şeýle hem ýokary tehnologiýaly 460 müňden gowrak kärhana döredildi.

Hytaýda 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda awtoulag önümçiligi we satuwy rekord derejesine ýetdi

Hytaý awtoulag öndürijiler birleşiginiň maglumatyna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda ýurtda 15 milliondan gowrak awtoulag öndürildi we satyldy. Täze energetika ulaglary (NEV) pudagynda hem güýçli ösüş gazanyldy. Hytaý awtoulaglarynyň eksporty hem oňyn depginde ösýär, bu bolsa awtoulag öndürijilerine halkara bazarlarda üpjünçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

ORIENT

Foto: substack.com

Şeýle hem okaň: