Emeli aňyň energiýa tygşytlylygynda ösüş: ChatGPT üçin ýokary tizlikli optiki çip
15.07.2025 | 12:15 |ChatGPT ýaly emeli aň ulgamlary ýokary energiýa sarp edijiligi bilen tanalýar. Bu meseläni çözmek üçin Optika, fotonika we lazerler merkezi (COPL) tarapyndan täze optiki çip işlenip düzüldi. Bu çip uly göwrümli maglumatlary ýokary tizlikde geçirip bilýär we muňa garamazdan uly derejede energiýa tygşytlylygyny üpjün edýär.
Nature Photonics žurnalynda çap edilen bu açyşyň esasynda maglumat geçirmek üçin ýagtylygyň güýjüni ulanmak ýatyr. Adaty ulgamlardan tapawutlylykda, täze çip diňe bir ýagtylygyň güýjüni däl-de, eýsem ýagtylyk şöhleleriniň faza süýşmesini hem ulanýar. Bu bolsa signala täze bir ölçeg goşup, maglumat geçiriliş tizligini sekuntda 56 gigabitden 1 terabite çenli, ýagny 18 esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi! Şeýle tizlik emeli aň modellerini öwretmekde ägirt uly mümkinçilikleri döredýär: 100 million kitaba deň bolan okuw maglumat toplumy 7 minutdan hem az wagtda geçirilip bilner, munuň üçin bary-ýogy 4 joul energiýa gerek bolýar. Bu tehnologiýanyň esasy elementi mikromodulýatorlardyr — ýagtylygyň ugruna täsir edýän kiçi ölçegli kremniden ýasalan enjamlar.
Täze çip häzirki wagtda giň meýdanlary tutýan we köp energiýa sarp edýän emeli aň maglumat merkezleri üçin düýpli özgeriş wadasyny berýär. Bu täze tehnologiýanyň kömegi bilen enjamlar biri-biri bilen şeýle tiz we netijeli aragatnaşyk saklap bilerler welin, olar edil ýanynda ýerleşýän ýaly bolar. Bu bolsa infrastruktura we energiýa çykdajylaryny ep-esli azaldyp biler. Täze çipiň ýakyn ýyllarda bazara çykmagyna garaşylýar. NVIDIA ýaly iri kompaniýalar eýýäm mikromodulýatorlary ulanmagyň üstünde işleýärler. Alym Alireza Gerawandiniň bellemegine görä, bu taslama barlaghananyň onýyllyk tagallalarynyň täze bir derejä çykmagyna mümkinçilik berýär we onuň hakyky durmuşda ulanylyşyna ýol açýar.
ORIENT