Iň täze habarlar

Türkmenistanda nebitgaz hünärmenlerini taýýarlamak üçin Lu Banyň ussahanasy açylýar

16.07.2025 | 12:20 |
 Türkmenistanda nebitgaz hünärmenlerini taýýarlamak üçin Lu Banyň ussahanasy açylýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça möhüm başlangyç bolan Lu Banyň ussahanasy açylýar. Bu taslama Hytaýyň öňdebaryjy bilim we senagat düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäginde durmuşa geçirilýär.

Ýakynda hytaý professorlaryndan ybarat wekiliýet bu ussahananyň resmi açylyşyny geçirmek we öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen Türkmenistana saparyny amala aşyrdy. Taslamanyň binýady 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Sian nebit uniwersiteti, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy we Bilim pudagynda halkara alyş-çalyş boýunça Hytaý birleşigi bilen gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama boldy.

Saparyň dowamynda hytaýly bilermenler türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýaş mugallymlary üçin bir hepdelik tejribe okuwyny geçirerler. Okuw, informatikada we amaly geologiýada iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir, bu bolsa Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň tehnologik ösüşini üpjün etmekde örän möhüm bolup durýar.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: