Türkmenistan bilen Botswana Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
17.07.2025 | 10:18 |2025-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.
ORIENT