Iň täze habarlar

Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly» ýubileý rallisinde bäsleşigi dowam etdirýärler

16.07.2025 | 10:48 |
 Türkmen ekipažlary «Ýüpek ýoly» ýubileý rallisinde bäsleşigi dowam etdirýärler

Mundan sanly gün ozal — 12-nji iýulda 16 ýaşly «Ýüpek ýoly» rallisiniň 15-nji — ýubileý ýaryşyna badalga berildi. Her ýylda bolşy ýaly, awtomobil sportunyň türkmenistanly wekilleri ýene-de täsin başdangeçirmeleriň jümmüşinde.

Tapgyra 2009-njy ýylda badalga berlendigi sport janköýerleriniň ýadyndadyr. Özi hem «Ýüpek ýolunyň» ilkinji pellehanasy Aşgabat şäheri bolupdy. Ilkinji ýeňijileri merjen paýtagtymyz mübärekläpdi. Ine, şondan bäri türkmen ralliçileri dürli şäherlerde ençeme gezek hormat münberine çykdylar. Olar bu gezek hem ýaryşyň T2 görnüşinde baýraga esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär.

Şu ýylky ralli ýaryşy Russiýanyň Irkutsk şäherinden başlandy. 12-nji iýulda bu şäheriň çäginde geçilen bary-ýogy 13 kilometrlik ýol ýaryşa gatnaşyjylar üçin mynasyp başlangyç boldy. Ine, şol başlangyç bilen hem olar eýýäm 13-nji iýulda 132, 14-nji iýulda 205, düýn, 15-nji iýulda 343 kilometrden gowrak menzilleri külterlediler.

Badalgasy Irkutskde berlen ýaryşa gatnaşyjylar Baýkalsk, soňra Mongoliýanyň Ulan-Ude, Ulan-Bator şäherlerine geldiler. Öňde Mongoliýanyň Baýanhongor, Russiýanyň Altaý, Howd, Koş-Agaç we Gorno-Altaýsk ilatly nokatlary bar. Eýýäm güýzüň ortasyndan soň, topragyna ak ýapynja örtünip başlaýan bu ýerlerde tomsuň häzirki günlerinde bahar howasy höküm sürýär. Bu bolsa ýaryşa gatnaşyjylar üçin has gowy mümkinçilikdir. 16 ýyllyk taryhynyň içinde ilkinji gezek ýaryş Baýkal kölüniň hem kenaryndan geçdi.

Ýeri gelende aýtsak, 22-nji iýula çenli 4811,6 kilometri sökjek halkara ýaryşa biziň ýurdumyzdan üç topar wekilçilik edýär. Olar 214-nji başlangyç belgide «Ýüpek ýoly — 2024-iň» kümüş medalynyň eýeleri, doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler, 215-nji başlangyç belgi bilen geçen ýyl bürünç medal gazanan Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow hem-de 216-njy başlangyç belgide Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewdir.

Ralli tutuşlygyna alanyňda-da ýolsuz ýerden ýol ýasaýan ulaglaryň ýaryşydyr welin, türkmenistanly toparlaryň wekilçilik edýän T2 görnüşi şol ýoly ýasamakda iň ukyply ulaglaryň we toparlaryň ýaryşy hasaplanylýar. Ýaryşyň resmi saýtynda bu görnüşde ilkinji üç tapgyryň birinjisinde Maksatmyrat Daňatarowyň, ikinjisinde doganlar Toýlyýewleriň, üçünjisinde ýene-de M.Daňatarowyň toparynyň ýeňiş gazanandygy bellenilýär. Öňde ýaryşyň ýene-de ençeme tapgyry bar. Gutarnykly ýeňiji Gorno-Altaýskda belli bolar. Biziň ildeşlerimiziň üç toparynyň hem bu ýaryşlarda döwrüň synagyndan geçen «Nissan Patrol» ulagynda ýaryşýandygyny habar berýäris.

Tebigatyň Gobi çöli, Altaý daglary ýaly täsinlikleriniň içinden geçýän halkara ralli ýaryşy biziň awtosportçularymyz üçin tejribäniň täze mekdebine öwrüler.

ORIENT

Foto: turkmenmetbugat.gov.tm

Şeýle hem okaň: