Iň täze habarlar

Geçen alty aýyň jemleri boýunça geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | Sanlara we faktlara syn

12.07.2025 | 04:20 |
 Geçen alty aýyň jemleri boýunça geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | Sanlara we faktlara syn

11-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, KHBS-niň wekilleri hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi we geljek üçin strategiki ugurlar beýan edildi.

Ýurduň ykdysadyýeti durnukly ösüşi görkezýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň beren hasabatyna görä, Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti oňyn depgini görkezýär. 2025-nji ýylyň alty aýynyň netijelerine görä, ýurduň jemi içerki önüm 6,3 % ýokarlandy. Ähli pudaklar diýen ýaly goşant goşdy:

Ulag we aragatnaşyk pudagynda – ösüş 10,8%

Söwdada – 9,9%

Hyzmatlar ulgamynda – 8,6%

Gurluşykda – 5,1%

Oba hojalygynda – 4,5%

Senagat pudagynda – 1%

Degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9% artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy 12,7%, daşary söwda dolanyşygy bolsa – 2,9 % ýokarlandy.

Býudjet, maýa goýumlary we önümçilik üstünlikleri

Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi: girdeji bölegi 101,5%, çykdajy bölegi bolsa 97,6% ýerine ýetirildi. Ykdysadyýete maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 17,7% deň boldy. Bu serişdeleriň 55,2% durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.

Banklar tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19 % artdy. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin berlen karz serişdeleri 26,9% artdy.

1-nji iýulyň ýagdaýyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň görkezijisi 20,2% artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä esasy pudaklarda durnukly ösüş bellige alyndy:

• Tebigy gazyň çykarylyşy: 38 milliard 991,4 million kub metr

• Nebitiň çykarylyşy: 4 million 91,5 müň tonna

• Sementiň (+50%) we armaturyň, demir önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilişin (+58,4%) ýokary ösüş gazanyldy.

• Hah ýüplükleriň möçberi 22,6% we nah matalaryň möçberi 27,3% artdy.

• Ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem ösüş hasaba alyndy – ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygynyň 0,6%, ýolagçy dolanyşygynyň – 3,2%, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi bolsa – 20,7%. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 4G+ tehnologiýasy, şeýle hem Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy işe girizildi.

• Oba hojalygynda gök önümleriň (+ 15.1%), diri agramdaky etiň öndürilişi (+ 8,9%) we beýleki önümleriň önümçiligi ýokarlandy.

• Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagy hem gowy netijeleri görkezdi.

Merkezi bankyň başlygy Toýly Mälikow hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi 19% we oba hojalyk önümlerini öndürijilere berlen karz serişdeleriniň 26,9% artandygy barada habar berdi. Ipoteka karzlarynyň mukdary 20,2% artdy.

Strategiki özgertmeler hem-de wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky kararlar

Mejlisde esasy temalarynyň biri ulag we aragatnaşyk toplumyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy has-da kämilleşdirilmegi boldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karar kabul etdi [Giňişleýin maglumat şu ýerde*]

Bu üýtgeşmeler bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine Mämmethan Çakyýew bellendi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýolbaşçysy düzüminde üýtgeşmler boldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine Nazar Agahanow bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Dowrangeldi Sapbaýewi “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmegi konserniň başlygynyň orunbasary Taňryguly Ataýewiň üstüne ýükledi.

Durmuş ugurly maksatnama, bilim we daşary syýasat

Prezident durmuş-medeni maksatly binalary we desgalary, ýaşaýyş jaýlaryny, gurmaklygy göz öňünde tutulýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” rejelenen görnüşdäki taslamasyny tassyklady.

2025-nji ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklanyldy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binalarynyň ulanmaga berilmegi täze hünärleri girizmäge we okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanyny artdyrmaga ýardam berýär.

Daşary işler ministri Raşid Meredow işjeň alnyp barylýan halkara işleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi”, “Merkezi Aziýa — Italiýa” we “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitlerine gatnaşmak üçin birnäçe möhüm iş we resmi saparlary amala aşyrdy.

Esasy wakalara taýýarlyk: Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi.

Şeýle hem Prezident Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary dereje taýýarlanmagy tabşyrdy.

1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berildi hem-de olaryň ýurduň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigi bellenildi.

Prezident şeýle hem awgust aýynda geçiriljek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatynyň gurmaçylyk işleri boýunça görkezmeleri berdi we Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDCs) ýokary derejede taýýarlygyň möhümdigini aýtdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: