Horwatiýanyň DIM-ni ýolbaşçysynyň oktýabr aýynda Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
16.07.2025 | 23:12 |Öňde boljak duşuşyga we şuňa meňzeş çärelere taýýarlyk, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen onuň horwat kärdeşi Gordan Grliç-Radmanyň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň esasy temalarynyň birine öwrüldi.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Horwatiýa Respublikasynyň Daşary we Ýewropa işler ministri tarapyndan Aşgabat şäherine meýilleşdirilen saparynyň çäginde türkmen-horwat hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm çäreler hem bolar. Olaryň arasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-horwat hökümetara toparynyň dördünji mejlisiniň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Bu waka söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alyşmak üçin meýdança bolar.
Toparyň mejlisinden başga-da, Türkmenistanyň we Horwatiýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ykdysady forum geçiriler. Forum göni dialog, tejribe alyşmak we özara peýdaly maýa goýumlary we söwda hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny gözlemek üçin mümkinçilik döreder.
Ministrler halkara düzümleriň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrundaky tagallalar bilen baglylykda taraplar ÝHHG-niň çägindäki hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny bellediler. Munuň özi bolsa ikitaraplaýyn dialogyň giňligine we çuňlugyna şaýatlyk edýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy. Türkmenistan bu halkara çäreni geçirmek üçin işjeň taýýarlykk görýär.
DIM-iň ýolbaşçylary 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bu bolsa Türkmenistanyň ählumumy durnuklylygy we konstruktiw dialogy pugtalandyrmaga bolan islegini nygtaýar.
Öňde boljak sapar we oňuň çäginde guraljak çäreler türkmen-horwat gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermegi, özara ynanyşmagy pugtalandyrmagy we netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açmagy maksat edinýär.
ORIENT